Türkiýe Respublikasynyň medeniýet merkezinde TGÝMJ tarapyndan baýramçylyk dabarasy gurnaldy
3-nji dekabrda Halkara maýyplaryň güni mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň medeniýet merkezinde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Türkiýe Respublikasynyň…
3-nji dekabrda Halkara maýyplaryň güni mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň medeniýet merkezinde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan gurnalyp, oňa maýyp çagalar bilen bilelikde olaryň ene-atalary çagyryldy.
Çagalary we olaryň hossarlaryny mähirli garşylamak bilen jenap ilçi Torgan Oral çakylygy kabul edip, dabaranyň arzyly myhmany bolýandygy üçin olara çäksiz minnetdarlygyny bildirdi. Bu dabara çagalary ruhlandyrmak maksady bilen söhbetdeş hökmünde paraolimpiýada oýunlarynyň türgeni, sportuň suwda ýüzmek, stol tennisi, ýeňil atletika, agyr atletika bilen oturyp-turmak ýaly görnüşleriniň 4 gyzyl, 5 kümüş medallaryň eýesi Annamuhammet Orazmyradow (Eýran, Tähran, 1999; Alma-Ata, Gazagystan, 2002, Özbegistan, Taşkent, 2005, Beýik Britaniýa, Birmingem, 2006) çagyryldy.
TGÝMJ-niň işgärleri, meýletinçileri we tejribeçileri tarapyndan dabaranyň sebäpkärleri üçin täze ýyl baýramçylygy mynasybetli sosna konuslaryndan dürli oýnawaçlary ýasamak boýunça ýörite ussatlyk sapaklary gurnaldy, isleg bildiren çagalara akwagrim nusgasynda suratlar çekildi, içine iň gowy arzuwlar ýerleşdirilen dürli reňkli şarlar sowgat berildi.
TGÝMJ-niň meýletinçileri tarapyndan pianino we skripka saz gurallarynda ýerine ýetirilen sazlar çäräniň esasy bölegini düzdi. Çagalar öz gezeginde ýaňlanan aýdymdyr-sazlara goşulyp tans etdiler, dürli goşgulary ýatdan aýdyp berdiler. Ýerine ýetiren çykyşlary üçin çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ozaldan aksiýa esasynda alnan birnäçe oýnawaçlar sowgat berildi. Dabara şowhunly sazlar we tanslar bilen jemlenildi.
Dabaranyň soňunda ene-atalar guramaçylara özüniň minnetdarlygyny bildirdiler
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
