Daşoguz şäheriniň B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde “Gelin-gyzlara hormat – jemgyýetimiziň görki” atly baýramçylyk çäresi geçirildi.
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri Daşoguz şäheriniň B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary bilen bilelikde, 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri Daşoguz şäheriniň B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary bilen bilelikde, 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk çykyşlary, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary gatnaşyjylara ruhubelentlik paýlady. Şeýle hem gelin-gyzlara bagyşlanan gutlag sözleri aýdylyp, olaryň jemgyýetdäki orny we ähmiýeti barada nygtalyp geçildi. Baýramçylyk çäresinde zenanlara goýulýan hormat-sarpa, olaryň maşgala ojaklarynyň bagtyýar bolmagyndaky we jemgyýetimiziň ösüşindäki möhüm roly aýratyn bellenip geçildi. Şeýle çäreler ýaşlaryň arasynda sylag-hormat, hoşniýetlilik hem-de milli däp-dessurlara sarpa goýmak ýaly gymmatlyklary ösdürmäge ýardam berýär.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
