Tebigatyň kynçylyklaryna taýýar boluň!
Howa köplenç garaşylmadyk ýagdaýlary döredýär: güýçli ýel, güýçli yssy ýa-da birden ýagýan ýagyş. Bu üýtgeşmeleriň sizi kynçylyga salmazlygy we geň galdyrmagynyň öňüni almak üçin Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli…
Howa köplenç garaşylmadyk ýagdaýlary döredýär: güýçli ýel, güýçli yssy ýa-da birden ýagýan ýagyş. Bu üýtgeşmeleriň sizi kynçylyga salmazlygy we geň galdyrmagynyň öňüni almak üçin Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri mekdep okuwçylary üçin "Tebigatyň kynçylyklaryna taýýar boluň!" şygary astynda peýdaly duşuşyklary gurnadylar.
Bu okuwçylar bilen geçirilen nobatdaky çärämiziň üýtgeşikligi okuwçylaryň diňe bir meýletinçileri diňläp oturmakdan daşary özleriniň hem pikir-oýlary bilen paýlaşmagy, durmuşda çaknyşyp biljek tebigy hadysalarda özleriniň özüne we daş-töweregindäkilere edip biljek kömekleriniň mümkinçiliklerini teklip etmekleri bilen tapawutlandy.
Çärede goýulan möhüm soraglaryň içinde:
-
Eger irden gün şöhlesi düşse, ýöne günortan harasat garaşylsa, nähili geýinmeli?
-
Eger daşarda güýçli ýel bilen çaknyşsaňyz, nirede gizlenmeli?
-
Halas edijilerden gelen SMS-lere nähili jogap bermeli we ilki näme etmeli?
Uzyn leksiýalaryň ýerine biz göni aragatnaşyk hödürleýäris. Meýletinçiler kyn ýagdaýlarda nädip hereket etmelidigini görkezmek üçin aýdyň mysallary ulanýarlar. Çagalar özlerine we biri-birine kömek etmegi, asuda bolmagy we dogry kararlary kabul etmegi öwrenýärler.
Meýletinçiler çäräniň soňunda okuwçylar bilen geçirilen söhbetdeşligiň üsti bilen olaryň ýatda galan esasy maglumatlary bilen gyzyklandylar.
Tebigat dürli-dürli bolup biler, ýöne näme etmelidigini bilseňiz, islendik gezelenç howpsuz bolar. Meýletinçiler çagalara howa maglumatynyň çaklamalaryna üns bermegi we hemişe özlerinde ätiýaçlyk meýilnamasynyň bolmagyny öwretdiler.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri bu gyzykly çäräni şeýle şözler bilen tamamlamagy makul bildiler:
“Ýadyňyzda saklaň: howpsuzlygyňyz öz eliňizde. Biz bilen islendik howa hadysasyna taýýar boluň!”
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
