Çagalar üçin gurulan ýyladyşhana hereketde
Ýurdymyzda çagalar hakynda aladanyň Döwlet derejesinde alnyp barylmagynyň aýdyň mysaly hökmünde 2015-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Aşgabatda bolan iş saparynyň dowamynda…
Ýurdymyzda çagalar hakynda aladanyň Döwlet derejesinde alnyp barylmagynyň aýdyň mysaly hökmünde 2015-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Aşgabatda bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen “Türkmenabat şäherindäki mekdep –internatynda ýyladyşhanany gurmaklygyň üsti bilen maýyp çagalara hünär okuwlaryny geçirmek üçin muzdsuz Şertnamasyna” ikitaraplaýyn gol çekildi. Şertnamanyň esasynda Türkmenabat şäherindäki 5-nji mekdep –internatynda ýyladyşhana gurulyp, 2016-nji ýylyň oktýabr aýynda uly dabara bilen çagalara ulanmaga tabşyryldy. TGÝMJ-ti ýyladyşhanany diňe gurup tabşyrmak bilen çäklenmedi, Jemgyýetiň işgärleri onuň ulanyşy hakynda hem wagtly wagtynda habar tutup durýarlar. Häzirki wagtda mekdep-internatyyň çagalary ýyladyşhanada bakja öňümlerini ýetişdirmekligi ökde tälimçilerden öwrenýärler. Ýetişdirilen hasyl bolsa, mekdep-internadynyň çagalarynyň saçagyny bezeýär.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
