Halkara okuwyna gatnaşmak
2017-nji ýylyň 30-njy we 31-nji iýul aralygynda TGÝMJ-niň “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” taslamasynyň utgaşdyryjysy Mollaýew Guwanç we TGÝMJ-niň “DIPECHO IX” taslamasynyň…
2017-nji ýylyň 30-njy we 31-nji iýul aralygynda TGÝMJ-niň “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” taslamasynyň utgaşdyryjysy Mollaýew Guwanç we TGÝMJ-niň “DIPECHO IX” taslamasynyň utgaşdyryjysy Parahadow Serdar Täjigistan Respublikasynyň Sogdiýsk oblastynyň Gulistan şäherinde, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň gurnamagynda “Has howpsuz elýeterlik” mowzugy boýunça geçirilen sebitleýin okuw çäresine gatnaşdylar. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetlerniň işgärleri we meýletinçileri üçin parahatçylyk döwründe we ýaragly çaknaşyklar döwründe özlerini alyp barmagyň we parahat ilata ynsanperwerlik kömegini bermegiň düzgünleri boýunça, mundan başga-da Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý nyşanlaryny peýdalanmak we goramak barada okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapagynyň jeminde gurnaýjylar, TGÝMJ-niň işgärlerine okuw sapagyna erjel gatnaşandyklary üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
