TGÝMJ-niň “Öwrediji tikinçilik ussahanasy”
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, özüniň döredilen gününden, eýýäm 90 ýyl bäri özüniň beýik ynsanperwerlik işini - kyn ýagdaýa düşen adamlara kömek bermek işini abraý bilen ýerine ýetirip gelýär. Emma täze…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, özüniň döredilen gününden, eýýäm 90 ýyl bäri özüniň beýik ynsanperwerlik işini - kyn ýagdaýa düşen adamlara kömek bermek işini abraý bilen ýerine ýetirip gelýär. Emma täze eýýama laýyklykda, alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek, ynsanperwerlik işiň netijeliligini ýokarlandyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Hut şu maksat bilen, 2015-nji ýylda TGÝMJ-niň merkezi geňeşiniň karary bilen Jemgyýetiň ýanynda tikinçilik ussahanasy açyldy. Bu öwrediji ussahananyň esasy maksady: mümkinçiligi çäkli bolan ýaşlara tikinçilik hünärini öwretmek. “Tälim öwredip bolmajak” çagalaryň ýokdygyna Biz berk ynanýarys. Her bir çaga, uly adamlaryň işjeň gatnaşmagynda ýokary sepgitlere ýetip biler. Okuw tapgyrynyň dowamynda tejribeli tälimçileriň baştutanlygynda, maýyplyk derejesi bolan 20 sany ýaşlar, senagatda ulanylýan tikin maşynlarda tikinçilik işini öwrendiler. Ýaşlar el süpürgüçlerini, öňlükleri, gelşikli ýassyklary we başgalary tikmegi öwrendiler. “Öwrediji tikinçilik ussahanada” öwrenen hünärleri, maýyplyk derejesi bolan ýaşlara durmuşa çalt uýgunlaşmaga ýardam eder.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
