Bütindünỳä ilkinji kömegi bermek güni
Bütindünỳä ilkinji kömegi bermek gününe bagyşlanyp Türkmenistanyñ Gyzyl Ỳarymaỳ Milli jemgyỳetiniñ Balkan welaỳat bölümi tarapyndan geçirilen okuw we amaly maslahaty ỳokary guramaçylyga beslendi. Onda çykyş edenler…

Bütindünỳä ilkinji kömegi bermek gününe bagyşlanyp Türkmenistanyñ Gyzyl Ỳarymaỳ Milli jemgyỳetiniñ Balkan welaỳat bölümi tarapyndan geçirilen okuw we amaly maslahaty ỳokary guramaçylyga beslendi. Onda çykyş edenler Türkmenistanyñ Gyzyl Ỳarymaỳ Milli jemgyỳetiniñ ilat arasynda köptaraplaỳyn işleri alyp barỳandygyny bellediler. Esasy ugurlaryñ biri, ilkinji kömek bermegiñ endiklerini öwretmek boỳunça ilatyñ bilim derejesini ỳokarlandyrmak bolup durỳar. Soñra okuw we amaly maslahatyna gatnaşyjylar Ýer titremede, suw joşanda, ỳangynda, sil gelmede, awtoulag hadysasynda adatdan daşary ỳagdaỳlar bilen tanyşdylar. Özüňi alyp barmagyň,lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň kadalaryny,ýürek-öýken reanimasiýasyny geçirmek endiklerini, gan akmany saklamak,ýaralaryny daňmak, düwünmede,ýanyklarda,elektroşikeslerde tejribe iş arkaly öwrendiler.Çäräniň dowamynda garaguş keseli,ýürek agyry,infarkt,insult,süýji diabet barada maglumat berildi we şol krizis ýagdaýlarda hereketleriniň ädimlerini öwrendiler.Okuw maslahatda geçirilen tejribe işleri gatnaşyjylar üçin örän täsirli boldy. Ýerli edaralaryň wekilleri we daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri geçirilen maslahata örän gowy baha berildiler.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
