Meýletinçi ýaş gözegçiler.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Polisiýa Müdirliginiň polisiýa ýol gözegçilik bölümi bilen bilelikde Döwlet derejesinde geçirilýän bir aýlyk meýilnama esasynda ,,Ýol hereketiniň- ýaş…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Polisiýa Müdirliginiň polisiýa ýol gözegçilik bölümi bilen bilelikde Döwlet derejesinde geçirilýän bir aýlyk meýilnama esasynda ,,Ýol hereketiniň- ýaş gözegçileri” atly bäsleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ilkinji kömek okuwlarynyň esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Bäsleşik şu tapgyrlardan ybarat: ýaş gözegçiler sportuň tigir sürmek , nyzama durmak, çatryk we ýaş sanitar. Ýaş sanitar tapgyrynda TGÝMJ-niň hünärmenleri çagalary synagdan geçirdiler. Soňra çagalar bilen ýol hadysasynda heläkçilige uçran adamlara ,,Lukmandan deslapky ilkinji kömek “ bermekligiň kadalary we endikleri boýunça tejribe işleri geçirdiler. Çagalar üçin örän gyzykly we täsirli boldy. Bäsleşigiň ahyrynda gatnaşyjylara TGÝMJ-niň tarapyndan ilkinji kömek bukjasy paýlanyldy.





Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
