Bilmek - borç, berjaý etmek-hökmandyr!
Dowam edýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň kadalarynyň ilatyň arasynda düşündiriş işleri hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli…
Dowam edýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň kadalarynyň ilatyň arasynda düşündiriş işleri hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň hünärmenleri öz gezeginde şeýle mazmunly çäreleriň çagalar baglaryndan başlap ýokary okuw jaýlarynda, galyberse-de, edara-guramalarda, zawod-fabrikalarda yzygider geçirilýändigi, biraýlygyň derwaýyslygyna halk köpçüliginiň ünsüni çekmeklik bilen adamlaryň ýol hereketiniň kadalaryna doly eýermeklige wagyz edildi.
Her hili ýagdaýlar ýüze çykyp adamyň saglygyna şikes ýetende lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň düzgünlerini bilmeklik hem her bir raýatyň durmuşynda zerur bolup durýandygy bellenilip geçildi.
Çykyşlaryň soňunda wideo ýazgylara tomaşa edildi we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň düzgünleri barada gollanma kitapçalar, maglumat beriji neşir önümleri paýlanyldy.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
