“Ýol belgilerine ünsli boluň!”
Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegi “Pähim paýhas ummany- Magtymguly Pyragy” ýylynda hem ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly…

Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegi “Pähim paýhas ummany- Magtymguly Pyragy” ýylynda hem ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ynsan saglygyny goramakda döwlet derejesinde alada edilýandiginiň aýdyň alamatlarynyň biridir. “Ýol hereketiniň kadalary Türkmenistanyň çäginde ähli raýatlar üçin deňdir. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň meýletinçileri bilen bilelikde Türkmenbaşy etrabynyň orta mekdeplerinde, çagalar baglarynda çagalaryň arasynda “Sary, gyzyl ýaşyl yşyk- ýollarymyza berýär gelşik ” ady bilen dürli çäreler geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Ýol hereketine gatnaşyjylar kadalaryň-ýolyşyklaryň duýdurmalarynyň, ýol belgileriniň özlerine degişli talaplaryny bilmäge, berjaý etmäge borçludyrlar. Ýol belgileriniň gündelik durmuşymyzda uly ähmiýeti bolup, hereketi sazlamakda, ulaglaryň we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde köçäniň düzgünini saklamak üçin örän zerurdyr. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi köçelerde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almagyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir diýip bellap geçildi.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

