04.02.23: Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleri Federasiýasynyň sebit wekiliniň iş sapary.
3-nji fewralda Merkezi Aziýa sebiti boýunça Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri federasiýasynyň sebit bölüminiň başlygy Sewal Guzelkilinç Türkmenistanda bir hepdelik iş saparyny tamamlady. Ol öz saparynyň…

3-nji fewralda Merkezi Aziýa sebiti boýunça Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri federasiýasynyň sebit bölüminiň başlygy Sewal Guzelkilinç Türkmenistanda bir hepdelik iş saparyny tamamlady. Ol öz saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliklerinde, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde, şeýle-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda Sewal Guzelkilinç IFRC we NRCST-niň Türkmenistanda betbagtçylyklara taýýarlyk we saglyk boýunça täze iş meýilnamalaryna, bilelikde durmuşa geçiriljek täze iş ugurlaryna baha berdi. Şeýle hem Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň işi barada täze taslama hödürledi. NRCST boýunça kärdeşleri bilen tejribe alşan Sewal hanym ýakyn wagtda ýene Türkmenistana gelip görer.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

