10.02.23: Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkiýe we Siriýa döwletlerine ynsanperwer kömegini ugradar
Türkiýe we Siriýa döwletlerinde tebigatyň garaşylmadyk apaty — güýçli ýer titremesi bolup geçdi. Häzirki wagtda ýykylan, weýran bolan binalaryň astynda galanlary halas etmek üçin dünýäniň onlarça ýurdy bu döwletlere…

Türkiýe we Siriýa döwletlerinde tebigatyň garaşylmadyk apaty — güýçli ýer titremesi bolup geçdi. Häzirki wagtda ýykylan, weýran bolan binalaryň astynda galanlary halas etmek üçin dünýäniň onlarça ýurdy bu döwletlere hemaýat goluny uzadýar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan hem derman, saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybarat ynsanperwerlik ýüküni dostlukly Türkiýäniň halkyna ugratdy. Şeýle-de Türkmenistandan Türkiýä halas ediş topary we lukmanlar ugradyldy, olar häzirki wagtda ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine doganlyk goldawyny berýärler. Türkmenistanyň Hökümetiniň ugradan kömeginden başga-da, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem Türkiýe we Siriýa döwletlerine ynsanperwer ýüküni ugradar. Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti ynsanperwerlik ýüküniň doganlyk döwlete iberilmegini we mätäç adamlara paýlanmagyny üpjün etmek babatda tejribeli hünärmenler bilen ýakyndan iş alyp barýar. 1926-njy ýylda döredilen Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerinden gelip çykýan asylly işleri ýurdumyzyň welaýat, şäher we etrap şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrýar.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
