26.01.23: Adatdan daşary ýagdaýlara bagyşlanan maslahat geçirildi
Çärjew etrap häkimliginiň mejlisler zalynda TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň, welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň we onuň etrapdaky bölüminiň guramagynda maslahat geçirildi. Oňa etrabyň daýhan…

Çärjew etrap häkimliginiň mejlisler zalynda TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň, welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň we onuň etrapdaky bölüminiň guramagynda maslahat geçirildi. Oňa etrabyň daýhan birleşikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Onda ýüze çykmagy ähtimal adatdan daşary ýagdaýlar, olaryň öňüni alyş çäreleri, ýüze çykan ýagdaýynda edilmeli işler barada giňişleýin durup geçirildi. Aýratyn hem, ýangynlaryň, şol sanda tebigy ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak üçin geçirilmeli çäreler, ýer titremesi,suw joşmasy ýaly tebigy hadysalar ýüz çykanda, ýangyn dörände, her bir edilmeli işler barada gürrüň edildi. Sagdyn durmuş ýörelgeleri, olary ilatyň arasynda wagyz etmek we ornaşdyrmak barada hem ýörite çykyşlar diňlenildi.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

