Türkmenistanda adatça daşary ýagdaýlarda gorag meseleleri boýunça okuw maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 5 – 7-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda adatdan daşary ýagdaýlar (AÝ) ýüze çykanda ilatyň goraglylygy we çäre gөrmek mümkinçiliklerini berkitmäge bagyşlanan amaly okuw maslahaty geçirildi. Çäre esasy…

2026-njy ýylyň 5 – 7-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda adatdan daşary ýagdaýlar (AÝ) ýüze çykanda ilatyň goraglylygy we çäre gөrmek mümkinçiliklerini berkitmäge bagyşlanan amaly okuw maslahaty geçirildi. Çäre esasy halkara guramalarynyň – ÝUNISEF, BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarynyň Basgarmasy (ÝUNIKB), ÝUNFPA hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GÝJHF) bilelikdäki hyzmatdaşlygynda geçirildi.
Geçirilen okuwyň esasy maksady ynsanperwerlik ýörelgeleri, döwrebap gorag standartlary we çykkgynsyz ýagdaýda köp pudaklaýyn çäre görmegiň amaly mehanizmleri barada bir meňzeş düşünjäni emele getirmekden ybarat boldy. Seminaryň çäginde hünärmenler iň ejiz toparyň, esasan hem çagalaryň goragyna we AÝ şertlerinde ýörite töwekgelçilikleriň öňüni almaga aýratyn üns berdiler.
Esasy netijeler we iş ugurlary:
-
Ynsanperwerlik standartlary: Gatnaşyjy krizisleriň netijelerini aradan aýyrmakda коpçülikleýin howpsuzlygy, adam hukuklaryny we halkara kadalaryny berjaý etmek boýunça borçnamalary jikme-jik öwrendiler.
-
Çagalaryň we ejiz toparlaryň goragy: Okuw maslahaty AÝ şertlerinde zorlulygyň, maşgalalardan dargamagnyň öňüni almak we çagalara psihologik taýdan goldaw bermek hödürlendi.
-
Edaralary özara utgaşdyrma: Ýerli edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilleri maglumatlary gyssagly özara alnyp çalşmakda we bilelikde hereket etmek usullaryny amala aşyrdylar.
-
Amaly başarnyklar: Geçirilen okuw-amaly türgenleşikleriň dowamynda diňleýjiler dürli döräp biläýjek tebigy betbagtçylyklar ýagdaýlary boýunça iş algoritmik çärelerini berkitdiler.
Bu okuw maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanyň ähli ilat gatlaklarynyň ygtybarly goragyny üpjün etmek bilen, tebigy betbagtçylyklara we krizis ýagdaýlaryna milli taýýarlyk ulgamyny berkitmekde möhüm ädim boldy.





Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

