Daşoguz şäherinde “Suwda howpsuzlyk — çagalaryň sagdyn dynç alşynyň möhüm şerti” ady bilen wagyz işleri geçirildi.
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda suwda gark bolmagyň öňüni almaga bagyşlanan…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda suwda gark bolmagyň öňüni almaga bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi.Çäräniň dowamynda hünärmenler çagalara suwda howpsuzlyk düzgünleri, suwa düşülende berjaý edilmeli esasy talaplar, açyk we ýapyk suw howuzlarynda özüňi dogry alyp barmagyň kadalary barada giňişleýin düşündiriş berdiler. Şeýle hem çagalara diňe rugsat edilen ýerlerde suwa düşmegiň, tälimçileriň we halas edijileriň görkezmelerini doly berjaý etmegiň, biri-birini howply hereketlere itermän, tertip-düzgüni saklamagyň möhümdigi aýratyn nygtaldy. Wagyz-nesihat çäresiniň maksady çagalaryň suwda bolup biljek howplar baradaky düşünjesini artdyrmak, olarda howpsuzlyk endiklerini kemala getirmek hem-de tomusky dynç alyş möwsüminde bolup biljek betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almaga ýardam bermekden ybarat boldy.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

