Türkmenistan UNHCR-yň howpsuzlyk töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça sebitleýin okuwyna gatnaşdy
Taýlandyň Hua Hin şäherinde howpsuzlyk töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça sebitleýin okuw geçirildi. Bu okuw BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň (UNHCR) Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça…

Taýlandyň Hua Hin şäherinde howpsuzlyk töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça sebitleýin okuw geçirildi. Bu okuw BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň (UNHCR) Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça Sebitleýin merkezi tarapyndan sebitiň ýurtlarynyň ynsanperwerlik mümkinçiliklerini pugtalandyrmak maksady bilen guraldy.
Türkmenistana okuwda UNHCR-yň «Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we ynsanperwerlik çärelerine jogap bermek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» taslamasynyň utgaşdyryjysy Arslan Öwezow we Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet gullugynyň wekili wekilçilik etdiler. Okuwa Mýanmanyň, Bangladeşiň, Indoneziýanyň, Pakistanyň, Eýranyň we Owganystanyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Okuw interaktiw we amaly häsiýete eýe boldy. Sapaklar auditoriýalarda we ýörite enjamlaşdyrylan okuw zolaklarynda geçirildi. Olar töwekgelçilikleri azaltmak boýunça amaly maşklary, şeýle hem adam ogurlamak, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça hereketleri utgaşdyrmak, bosgunlar we gowşak toparlar bilen aragatnaşyk saklamak ýaly ýagdaýlary öz içine alýan simulýasiýa maşklaryny öz içine aldy. Töwekgelçilikleri seljermek we olary azaltmak boýunça çärelerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň sebitleýin okuwyna gatnaşmagy ýurduň UNHCR bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň we Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet gullugynyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga we olara netijeli jogap bermäge taýýarlygyny has-da ýokarlandyrmaga ygrarlydygyny görkezýär.




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
