«Geljege bolan ynam bilen»: goldawa mätäç maşgalalaryň birinji synp okuwçylaryna mekdep esbaplary kömek berildi
«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýip ykrar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym we bilim barada şeýle diýýär: «Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr, bilim we ylym bolsa…
«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýip ykrar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym we bilim barada şeýle diýýär: «Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr, bilim we ylym bolsa terbiýäniň sütünidir». Hormatly Arkadagymyzyň öňe süren bu parasatly ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil, sowatly we bagtyýar bolup ýetişmegi üçin belent tutumlar amala aşyrylýar.
Birinji synpa ätlenen ilkinji ädim — her bir adamyň durmuşyndaky aýratyn pursatdyr. Bu uly umytlaryň, täze açyşlaryň we, elbetde, bilim ýoluna şowly gadam basmagyň döwrüdir.
Bu jogapkärli ädimiň körpelere diňe şatlyk we ylhama beslenmegini gazanmak üçin, Ysraýylyň Türkmenistandaky Ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti öz tagallalaryny birleşdirdiler. Olar aýratyn alada we goldawa mätäç maşgalalaryň birinji synpa gidýän okuwçylaryna doly toplumly mekdep esbaplaryny gowşuryp, örän möhüm çäräni gurnadylar.
Bu başlangyç çagalara deň mümkinçilikleri bermek, olary alada bilen gurşap almak we mekdep durmuşyna ilkinji ädimlerini ynamly hem-de özüni goragly duýup ätmäge kömek etmek maksat edindiler.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
