“TGÝMJ-niň meýletinçileri daşary ýurtlardaky çärelerde”
2017-nji ýylyň iýul aýynda Gyrgyzstan Respublikasynyň Bişkek şäherinde Ýaş meýletinçileriň neşekeşlige garşy göreşmek barada wagyzçy wezipesini goldamak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga 15-den gowrak döwletler…
2017-nji ýylyň iýul aýynda Gyrgyzstan Respublikasynyň Bişkek şäherinde Ýaş meýletinçileriň neşekeşlige garşy göreşmek barada wagyzçy wezipesini goldamak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga 15-den gowrak döwletler gatnaşdy. TGÝMJ-niň goldamagynda Jemgyýetiň meýletinçiler hem bu iş duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşykda ýaşlary has-da höweslendirmek we olaryň wagyzçy wesipesini ýerine ýetirende dogry hereket etmekleri orta alynyp maslahatlaşyldy. Iş duşyşygyň dowamynda TGÝMJ-niň meýletinçileri ähli babatda özleriniň ýokary taýýarlyklaryny görkezip, çärelere has işjeň gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýaşlara neşekeşlige, neşä garşy göreşmekligiň we neşä garaşly ýagdaýa düşen adamlar bilen işlemekligiň usullary barada maslahatlar, gollanmalar berildi. Gelejekde bu soraglar boýunça wagyz-nesihat işlerini has-da uly depginde alynyp barylmalydygy nygtalyp geçildi. Çäräniň ýapylyş dabarasynda ähli gatnaşyjylara sertifikatlar berildi. TGÝMJ-niň meýletinçileri öz gezeginde, ýurdumyzda neşekeşlige garşy işleriň Döwlet derejesinde alynyp barylýandygyny belläp, bu işde özleriniň has-da erjel işlejekdiklerini ynandyrdylar.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
