“Berkarar döwletde Bagtyýar biz”
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadagymyz ýaşlar barada edýän atalyk aladasyndan ugur alyp TGÝMJ-niň welaýat bölümleriniň işgärleri we meýletinçileri welaýat derejelerinde dürli sport çärelerini…
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadagymyz ýaşlar barada edýän atalyk aladasyndan ugur alyp TGÝMJ-niň welaýat bölümleriniň işgärleri we meýletinçileri welaýat derejelerinde dürli sport çärelerini geçirýärler. TGÝMJ-niň “Meniň ajaýyp Watanym Türkmenistan” taslamanyň çäginde bu geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin 2017-nji ýylyň awgust aýynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryna iş saparlary ýerine ýetirildi. TGÝMJ-niň welaýat bölümleriniň meýletinçileriniň gatnaşmagynda, çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezilerinde mekdep okuwçylaryň arasynda sportuň ýeňil atletika, futbol, küşt we estafetalar ýaly görnüşlerinden çäreler geçirildi. Her welaýatda çäräniň birinji güni mekdep okuwçylaryň arasynda toparlaýyn bäsleşik geçirildi, geçirilen bäsleşikde öňe saýlananlar 1,2 we 3-nji orunlary hukuk gazandylar. Çäreleriň ikinji güni okuwçylar 1,2 we 3-nji orunlary eýelän okuwçylar özara bäsleşdiler. Çärä gatnaşanlaryň arasynda ýeňiji bolan okuwçylara TGÝMJ-ti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar berildi we ýädigärlik surata düşürildi. Şeýle hem, 2017-nji ýylyň awgust aýynyň dowamynda Ahal Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda guramaçylyk bölüminiň türgenleriniň hem-de meýletinçileriň gatnaşmagynda mekdep okuwçylaryň arasynda, TGÝMJ-niň alyp barýan işleri, Aşgabat şäherinde geçiriljek yapyk binalarda hem-de söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň endikleri we adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň endikleri boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapaklarynyň dowamynda simulasiýalar arkaly görkeziş çäräleri gurnaldy. Çärelere gatnaşanlaryň arasynda has işjeňlik görkezen okuwçylara TGÝMJ-ti tarapyndan sowgatlar berildi we ýädigärlik surata düşüldi. TGÝMJ-ti bilen Türkiýanyň Gyzyl Aýynyň bilelikde amala aşyrýan Meniň ajaýyp Watanym Türkmenistan” atly taslamasynyň çäginde çykarylan logotipli futbolkalar we maglumat beriş kitapçalary paýlanyldy. Pursatdan peýdalanyp, Biz Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri Türkmenistan ýurdumyzda çagalaryň, ýaşlaryň erkin bilim almagy üçin gije –gündiz dyngysyz alada edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmyda rowaç almagyny arzuw edýäris.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
