TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Ýaş zehinler” ady bilen geçirilen çäresi
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň “Zehin” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri 2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş zehinler ady bilen çäre…
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň “Zehin” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri 2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş zehinler ady bilen çäre gurnadylar. Çagalar we ýetginjekler özlerinde bar bolan zehinlerini ýagny, aýdym aýtmak, saz gurallarynda oýnamak, wakalary gürrüň bermek ýa-da özleriniň ýazan sahnalaryny oýnamak ýaly mümkinçiliklerini görkezmekligi halaýarlar. Bu döredijilik çärede aýdym-sazly çykyşlar boldy, olary milli lybaslarda ýaş aýdymçylar we tansçylar uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan ýaş zehinlere gowşurylan sowgatlar aýratyn täsir galdyrdy.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
