“Saglygymyzy goralyň” atly gürrüňdeşlik çäresi.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşmesiniň Merkezi geňeşiniň ilatyň arasynda “ Inçekeseliň öňüni almak we…
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşmesiniň Merkezi geňeşiniň ilatyň arasynda “ Inçekeseliň öňüni almak we gender deňligi” boýunça bilelikdäki meýilnamasy esasynda, Aşgabat dokma toplumynda işçi gelin-gyzlaryň arasynda “Saglygymyzy goralyň” atly mowzuk bilen gürrüňdeşlik - duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ýokanç keseli bolan inçekesel barada aýdylyp geçildi. Onuň ýurdymyzda öňüni alyş çäreleri barada iş geçirilýändigi, anyklaýşy we bejergisi barada gürrüň berildi. TGÝMJ-de hereket edýän “Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak” taslamasynyň çäginde inçekeselli näsaglara bejergini üstünlikli tamamlamak üçin, ruhy–durmuş goldawyny berýändigini aýdyldy. Dokma toplumynda zähmet çekýän gelin- gyzlaryň arasynda, sorag-jogaplaryň üsti bilen uly gyzyklanma döretdi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
