Talyplar önümçilik tejribeligini özleşdirýärler
Ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň döwrebap hünär öwrenmegi, kämil bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Bir okan kitabyňy iki-üç gezek okamak şol bir zady gaýtalamak däl. Bu öň düşünip bilmedik ýerleriňi gaýtadan…
Ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň döwrebap hünär öwrenmegi, kämil bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Bir okan kitabyňy iki-üç gezek okamak şol bir zady gaýtalamak däl. Bu öň düşünip bilmedik ýerleriňi gaýtadan özleşdirmäge şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hünär tejribeligi hem nazary bilimleri gaýtalamak däl-de, öz ruhy dünýäňde, durmuşyňda täze-täze açyşlary etmekdir.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary hünäriniň talyplary özleriniň bilimlerini berkitmek hem-de tejribe gazanmak maksady bilen TGÝMJ-ne 4 hepdelik önümçilik tejribeligini geçmäge geldiler.
Tomusky önümçilik tejribeliginiň çäklerinde talyplar üçin dürli tanyşdyryş, öwrediş çäreleri geçirilip, bu köp babatda nazary bilimleriň berkidilmegine, özbaşdak işlemegiň amaly tejribesini we başarnyklaryny ele almaga ýardam etdi. Önümçilik tejribesiniň guramaçylyk derejesi ýokary bolup, talyplar TGMÝJ-niň alyp barýan ýagny “Gender deňligi barada” , “Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek taslamasy”, “Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endikleri” atly birnaçe çärelere gatnaşdylar. Şeýle çäreler talyplaryň hünär başarnyklaryny we ukyplaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär, olaryň öz ýokary okuw mekdeplerinde alan tejribelerini we bilimlerini baýlaşdyrdylar. Şeýle hem talyplara “Adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar barada” maglumat beriş okuwlaryny geçirmegi meýilleşdirýärler.
Bu önümçilik tejribeligi talyplarda diňe bir nazary bilimlerini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, geljekde hünär taýdan üstrünlik gazanmaklary üçin möhüm ädim boldy.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
