Aşgabat, 2025-nji ýylyň 24-nji iýuny - Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň işgärleri
Aşgabat, 2025-nji ýylyň 24-nji iýuny - Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň işgärleri Ruhabat dokma toplumynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we…

Aşgabat, 2025-nji ýylyň 24-nji iýuny - Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň işgärleri Ruhabat dokma toplumynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we inçekeseliň öňüni almak maksady bilen çäre geçirdiler. Çäräniň dowamynda işgärlere inçekeseliň öňüni almakda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň orny, wagtynda lukmançylyk gözegçiliginden geçmegiň ähmiýeti, zyýanly endiklerden ýüz öwürmegiň, dogry iýmitlenmegiň we beden gorag ukybyny güýçlendirmegiň zerurlygy barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle hem, inçekeseliň alamatlary, geçiş ýollary we bejerilişi boýunça düşündirişler berlip, gatnaşyjylar bilen açyk gürrüňdeşlikler guraldy. Bu çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň jemgyýet saglygyny goramak we ilatyň arasynda sosial taýdan ähmiýetli keselleriň öňüni almak ugrunda alyp barýan yzygiderli işleriniň bir bölegi bolup durýar.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
