“Kämilleşmek”
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) noýabr aýynda geçiren okuw-türgenleşigi üstünlikli tamamlandy. Okuw meýilnamasy Balkan welaýatynyň Awaza zolagynda geçirildi we esasy maksady lukmandan deslapky…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) noýabr aýynda geçiren okuw-türgenleşigi üstünlikli tamamlandy. Okuw meýilnamasy Balkan welaýatynyň Awaza zolagynda geçirildi we esasy maksady lukmandan deslapky ilkinji kömek endiklerini öwretmek boýunca işgärleriň bilimlerini kämilleşdirmekden ybarat boldy.
Bu çäre TGÝMJ-niň merkezi edarasynyň we welaýat bölümleriniň ussat tälimçileriniň ýolbaşçylygynda guramaçylykly ýagdaýda amala aşyryldy. Okuw-türgenleşigi 5 gün dowam edip, oňa 23 sany tälimçiler, gözükdirijiler we meýletinçilerden gatnaşdylar. Maslahata Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekili Muratjon Soliýew hem gatnaşyp, adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi goramak boýunça düzgünler barada tejribelerini paýlaşdy.
Okuw kursynyň dowamynda: okuwyň gurluşy we geçirilişi, uly adamlaryň okadylyş ussullary, ilkinji ruhy goldaw, ilkinji kömek bermegiň inklýuziw usullaryny, gözükdiriji bolmagyň adimleri barada jikme-jik durulyp geçildi. Gatnaşyjylar berlen temalary doly açmagy ýagny: prezentasiýa, flipçart bilen işlemek, beýnä hüjüm, söhbetdeşlik, oýunlar we netijeleri jemlemek bilen, dürli ugurlary ulanyp bildiler.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar 2024-nji ýyl üçin ilkinji kömek ugry boýunça edilýän işler barada hasabatlaryny hem berdiler. Netijede, TGÝMJ tejribeli gözükdirijileri we tälimçileri taýýarlamakda üstünlik gazandy. Şeýle çäreler geljekde jemgyýetiň işleriniň has netijeli bolmagyna ýardam berer.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli
jemgyýetiniň meýletiçisi A.Durdyýewa




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
