Dünýä akyldary- türkmen danasy Magtymguly pyragy”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýär ýaşlaryň…

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýär ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Ýurdumyzda ýaş nesiller baradaky giň gerimli aladalar, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrundaky tagallalar jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny pugtalandyryp, döwrümiziň belent joşguny bilen berk sazlaşygy emele getirýär. Akyldar Magtymgulyny okamagyň, oňa düsünmegiň özi kämillik mekdebinde nusgalyk ýol-ýörelge. Biz hem akyldaryň dana paýhasyndan ugur alyp Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň Merkezi kitaphanasynda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri bilen 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Dünýä akyldary- türkmen danasy Magtymguly pyragy” ady bilen çeper okaýyş, gürründeşlik çäresi” geçirildi. Magtymguly pyragynyň goşgy setirlerinde milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz, ahlak gymmatlyklarymyz, watansöýerligimiz giňişleýin şöhlelenýär. Nusgawy şahyryň dürdäne setirleri ýaş nesilleri terbiýelemekde,olarda il-ýurt, Watan, döwlet mukaddesligi, agzybirlik, dost-doganlyk ýaly duýgulary berkitmekde gory gowzamaýan hazyna. Şeýle baý hazynanyň mirasdüşerleri bolmak – uly bagt. Çarä gatnaşan okuwçylarda geçirilen gürrüňdeşlik uly tasir galdyrdy.
TGÝMJ-niň BWB-niň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň wekili G.Begmämmedowa

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

