Hukuk sowatlylygy we demokratik ösüş- kämil jemgyýetiň möhüm şerti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün saýyn ösýär, özgerýär, eziz Diýarymyzyň her bir güni täze wakalara beslenýär. Ýurdumyzda adam hukuklarynyň amala aşyrylmagynyň üpjün edilişi babatda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşleri, döwletlilik däpleri, milli hukuk ulgamynyň kämilleşdirilişi, ýaşlaryň hukuk medeniýetini kemala getirmek maksady bilen 2026-nji ýylyň noýabr aýynyň 13-ne Mary welaýatynyň Adam hukuklary boýunça maglumat merkeziniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamagynda “Hukuk sowatlylygy we demokratik ösüş-kämil jemgyýetiň möhüm şerti” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň Ýaşlar, meýletinçiler we agzalar işi boýunça hünärmeni Gunça Çaryýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň habarçysy Gülşat Çetiliýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Röwşen Döwranow dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ýaş nesili watançylyk, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we akanunlaryna hormat goýmak we berjaý etmek ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik işjeňligini ösdürmek üçin ýurdumyzda çäreler toplumynyň amala aşyrylýandygyny, hukuk sowatlylygy we demoktarik ösüş kämil hem-de adalatly jemgyýeti kemala getirmegiň esasy binýady bolup raýatlaryň öz hukuklaryny we borçlaryny bilmegi döwletiň demokratik ýörelgeler esasynda ösmegine gönüden-göni täsir edýändigini belläp geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda bolsa oňa gatnaşanlar okamaga we döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.



