Daşoguz welaýatynda ÝUNISEF-iň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi.

2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. ÝUNISEF-iň wekili hanym Žanar Sagimbaýewa hem-de guramanyň maksatnama toparynyň wekilleriniň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň esasy maksady çaganyň hukuklaryny goramak babatynda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn çemeleşmesini ösdürmekden, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we başlangyçlaryň netijeliligini ýokarlandyrmakdan, şeýle hem olaryň gerimini giňeltmekden ybarat boldy. Duşuşygyň dowamynda çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alşyldy. Şeýle-de alnyp barylýan işleriň utgaşdyrylmagy, ýerli derejede meýilnamalaşdyrylmagy we geljekde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş saparynyň dowamynda ÝUNISEF-iň wekilleri TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri bilen hem duşuşdylar. Duşuşykda meýletinçilik hereketiniň ähmiýeti, ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy, çagalaryň hukuklaryny goramakda we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde meýletinçileriň orny barada gürrüň edildi. Meýletinçiler özleriniň alyp barýan işleri, tejribeleri we durmuşa geçirýän başlangyçlary bilen paýlaşdylar. Duşuşyklar özara tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy berkitmek we geljekde bilelikde durmuşa geçiriljek işleriň ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm ähmiýete eýe boldy. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň abadançylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.





