Esasy mazmuna geç

Daşoguz şäheriniň meýletinçileri üçin «Zehin» meýletinçiler merkezinde 2 günlik «Durmuş endikleri» atly okuw geçirildi

Daşoguz şäheriniň meýletinçileri üçin «Zehin» meýletinçiler merkezinde 2 günlik «Durmuş endikleri» atly okuw geçirildi

2026-njy ýylyň 12–13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň «Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek» taslamasynyň utgaşdyryjysy J. Gawrilowa Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň dowamynda «Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek» taslamasynyň durmuşa geçirilişine, alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna we gazanylan netijelere gözegçilik geçirildi. Şeýle hem, Daşoguz şäherindäki «Zehin» meýletinçiler merkeziniň meýletinçileri üçin «Durmuş endikleri» temasy boýunça iki günlük okuw maslahaty guraldy.

Okuw sapagynyň dowamynda gatnaşyjylar şahsy mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen bilimleri we amaly endikleri özleşdirdiler. Aýratyn-da, özüňe bolan ynamsyzlygy ýeňip geçmek, gapma-garşylykly ýagdaýlardan baş alyp çykmak, öz işini meýilleşdirmek hem-de durmuşda dürli ýagdaýlarda dogry karar kabul etmek başarnyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, netijeli aragatnaşyk saklamak, topar bolup işleşmek, öz pikirini erkin beýan etmek hem-de gündelik durmuşda we meýletinçilik işinde zerur bolan şahsy häsiýetleri kämilleşdirmek meselelerine seredildi. Okuw interaktiw görnüşde geçirildi. Gatnaşyjylar amaly ýumuşlary ýerine ýetirdiler, özara pikir alyşdylar we toparlaýyn işleriň üsti bilen alan bilimlerini berkitdiler.

Geçirilen okuw maslahaty meýletinçileriň durmuş endiklerini ösdürmekde, özlerine bolan ynamyny berkitmekde, şahsy häsiýetlerini kämilleşdirmekde hem-de meýletinçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ädim boldy.

Beýleki habarlar