Esasy mazmuna geç

Ynsanperwerlik mümkinçilikleri pugtalandyrylýar: TGÝMJ-niň işgärleri üçin okuw maslahaty geçirildi

Ynsanperwerlik mümkinçilikleri pugtalandyrylýar: TGÝMJ-niň işgärleri üçin okuw maslahaty geçirildi

Bitarap Türkmenistanda ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmak, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak we Milli jemgyýetiň hünärmenleriniň iş tejribesini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, 2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda halakara hünärmenleriň alyp barmagynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetinde (TGÝMJ) «Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk» atly ýörite okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw çäresi Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarlygynyň (UNHCR) hünärmenleri «Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we ynsanperwerlik çärelerinde Milli jemgyýetiň mümkinçiliklerini güýçlendirmek» atly taslamasynyň çäklerinde guraldy. Okuw seminaryna Ahal, Mary, Balkan welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden gelen hünärmenler işjeň gatnaşdylar. Seminaryň maksatnamasyna laýyklykda, gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we halkara standartlar boýunça şu möhüm meselelere giňişleýin seretdiler. Okuw maslahatynyň dowamynda geçirilen amaly sapaklar we pikir alyşmalar TGÝMJ-niň welaýat hem-de şäher bölümleriniň hünärmenleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly ýardam etdi. Gatnaşyjylar şeýle bilelikdäki taslamalaryň islendik adatdan daşary ýagdaýa taýýarlykly bolmakda we ynsanperwerlik kömegini halkara ölçeglerine laýyklykda guramakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Beýleki habarlar