HGHK wekiliniň Türkmenistana iş sapary.
2023-nji ýylyň 15-22-nji noýabr aralygynda Täjigistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň utgaşdyryjysy, HGHK wekili Murodjon Soliýew Türkmenistana iş saparyny…

2023-nji ýylyň 15-22-nji noýabr aralygynda Täjigistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň utgaşdyryjysy, HGHK wekili Murodjon Soliýew Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy.Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap we Mary welaýatlarynyň bölümlerinde, şeýle hem TGÝMJ-nyň Merkezi edarasynda duşuşyklary geçirdi. Sapar wagtynda HGHK wekili Milli jemgyýetiň işgärleri we meýletinçileri bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň esasy ýörelgeleri we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk işleri bilen tanyşmak üçin duşuşyk we okuw sapaklary geçirdi. Duşuşyklaryň mowzuklary ilkinji kömek tejribelerini paýlaşmagy we işgärler üçin Özüňi alyp barmagyň kadalaryny ara alyp maslahatlaşmagy öz içine aldy.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

