22.11 2023: TGÝMJ-de raýatlygy bolmadyk adamyň ýagdaýyny kesgitlemegiň proseduralary boýunça okuw maslahaty geçirildi
22-nji noýabrda, BMG-niň BBÝKM-iň (UNHCR) Gazagystan, Gyrgyz, Türkmenistan we Täjigistan boýunça wekilhanasy wekilleriniň gatnaşmagyna “Raýatsyzlygy bolmadyk adamlary kesgitlemek bilen bagly amallar boýunça” okuw…

22-nji noýabrda, BMG-niň BBÝKM-iň (UNHCR) Gazagystan, Gyrgyz, Türkmenistan we Täjigistan boýunça wekilhanasy wekilleriniň gatnaşmagyna “Raýatsyzlygy bolmadyk adamlary kesgitlemek bilen bagly amallar boýunça” okuw maslahaty geçirildi. .
Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, TGÝMJ, “Keyik Okara” jemgyýetçilik guramasynyň we BMG BBÝKM-iň wekilleri gatnaşdy.
Maslahata gatnaşyjylar 1954-nji we 1961-nji ýyllaryň raýatlygy bolmadyk konwensiýalarynyň kadalaryna laýyklykda raýatlygy bolmadyk adamyň ýagdaýyny kesgitlemegiň prosedurasynyň esasy taraplary we prosessual kepillikleri bilen has tanyş boldular. Beýleki ýurtlarda bar bolan täsirli tendensiýalar we öňdebaryjy tejribeler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, seminar Türkmenistanda raýatsyzlygyň ýagdaýyny kesgitlemek prosedurasynyň amaly ýerine ýetirilişi barada maglumat almak we gatnaşyjylaryň we bilermenleriň arasynda toplanan tejribe we bilimleri paýlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik berdi.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
