Gadyrly meýletinçiler!
Dünýäni üýtgedip boljak iň uly güýç — bu alada we mähirdir. Siz bolsa şol güýji özünde jemleýän ynsanlarsyňyz.
Dünýäni üýtgedip boljak iň uly güýç — bu alada we mähirdir. Siz bolsa şol güýji özünde jemleýän ynsanlarsyňyz.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň alyp barýan ynsanperwer işlerine goşýan şahsy goşandyňyz, adamlara bolan mähirli garaýşyňyz we işjeňligiňiz üçin Size çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Siziň ýagşy niýet bilen edýän işleriňiz köplere görelde bolup hyzmat edýär. Goý, Siziň rehimli kalbyňyz hemişe şatlykdan doly bolsun! Size geljekki işleriňizde we durmuşyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Biz siziň bilen buýsanýarys! Janyňyz sag, işleriňiz hemişe rowaç bolsun!
Gutlamak bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
