«Ałada» Ýaşlar Merkezi meýletinçileri Bütindünýä Maýyplar güni mynasybetli haýyr-sahawaty çäresini geçirdiler
Bütindünýä Maýyplar güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň «Ałada» Ýaşlar merkeziniň meýletinçileri Balkanabat şäherindäki internat mekdebiniň terbiýelenýänler üçin…

Bütindünýä Maýyplar güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň «Ałada» Ýaşlar merkeziniň meýletinçileri Balkanabat şäherindäki internat mekdebiniň terbiýelenýänler üçin haýyr-sahawaty çäresi gurnadylar. Çäräniň maksady aýratyn ünse we goldawa zerur bolan çagalar üçin mähirli, begençli gurşaw döretmekden ybarat boldy. Meýletinçiler her bir çaga aýratyn çemeleşip, olaryň gyzyklanmalary we aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, aýratyn maksatnama taýýarladylar.
Çäreniň dowamynda dürli işjeňlikler geçirildi: — ýagty, şatlykly şekiller bilen akwagrim; — üns we çeper döredijiligini ösdürýän oýunlar; — çagalaryň döredijilik ukyplaryny açmaga mümkinçilik berýän surat çekmek sapaklary; — topar agzybirligini güýçlendirýän woleýbol we basketbol oýunlary; — şatlykly we agzybirlik ýagdaýyny döredýän tans flesmob. Meýletinçiler her bir çaga aýratyn üns berip, olara mähir, şatlyk we baýramçylyk ruhuny bagyşlamaga çalşdylar. Çäräniň ahyrynda ähli terbiýelenijilere süýji sowgatlar gowşuryldy. Haýyr-sahawaty çäreniň dowamynda jemi 429 internat terbiýelenijisi gatnaşdy. Bu çäre aladanyň, gatnaşygyň we edermenligiň hakykatdanam ýatda galyjy baýramçylyk döredip bilýjekdiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi. «Alada» Ýaşlar merkeziniň meýletinçileri geljekde hem çagalary goldamak we jemgyýetde ynsanperwerlik gymmatlyklaryny güýçlendirmek ugrunda işlerini dowam ederler.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

