Çäge terapiýasy - çagalaryň sagdyn ösüşiniň möhüm şerti: Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň arasynda geçirilen çäre
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Görogly etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň arasynda art terapiýanyň bir görnüşi bolan çäge terapiýasy boýunça düşündiriş we amaly çäre geçirildi. Çäräniň…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Görogly etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň arasynda art terapiýanyň bir görnüşi bolan çäge terapiýasy boýunça düşündiriş we amaly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda körpeler arassa, ýyly çägäniň üstünde dürli gyzykly oýunlary oýnap, wagtlaryny şadyýan geçirdiler. Şeýle hem çagalara çäge bilen oýnamagyň we tomus paslynda arassa çägäniň üstünde aýakýalaňaç gezmegiň saglyk üçin peýdalary barada ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda düşündirişler berildi. Bellenilişi ýaly, çäge terapiýasy çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, olaryň duýgularyny erkin beýan etmegine, beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösmegine ýardam berýär. Lukmanlar tarapyndan hem ösüp barýan çagalara çägede oýnamak maslahat berilýär, sebäbi bu olaryň bedeniniň berkemegine, immunitetiniň ýokarlanmagyna we umumy saglygynyň gowulanmagyna oňyn täsir edýär. Çäre körpeleriň işjeň gatnaşmagynda, şatlykly pursatlara beslenip geçirildi.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
