BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ ARASYNDA
Şu gün 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 09-na Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Türkmenabat şäher häkimliginiň “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi diýseň köp myhmana gapysyny açdy. Tomusky dynç alyş möwsüminiň…

Şu gün 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 09-na Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Türkmenabat şäher häkimliginiň “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi diýseň köp myhmana gapysyny açdy. Tomusky dynç alyş möwsüminiň 1-nji tapgyrynda ol ýerde dynç alýan çagalar üçin olaryň wagtlaryny has-da täsirli, şadyýan geçirmekleri üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat raýat goranyş we halas ediş müdirliginiň bilelikde gurnamagymyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek bilen özleriniň saglygyny goramak, köptaraplaýyn bilim başarnyklaryny kämilleşdirmek we tejribelerini paýlaşmak maksady bilen “Ýaş halasgär” ady bilen şowhunly bäsleşik geçirdik. Dynç almaga gelen çagalardan düzülen “Güneş”, “Güller”, “Dostluk” we “Bürgüt” toparlary bäsleşigiň meýilnamasyna laýyklykda her topar öz atlary bilen tanyşlyk geçirmek, adatdan daşary zäherli howa ýagdaýy dörände gaza garşy enjamy dogry we çalt geýmek, ýertitremesi bolan ýagdaýda zerur bolan ätiýaçlyk çemodanyny (torbasyny) toplamak, döwülen ýere seýik goýmak, kada laýyk sargy etmek, suwda ýüzmek, suwda gark bolana ilkinji kömegi bermekligiň düzgünleri we degişli ugurlar boýunça ýörite taýýarlanan sowalnamalara dogry we takyk jogaplary bermekde bäsleşip ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň soňunda göreldeli çykyş eden we ustünlik gazanan toparlara ýörite taýýarlanan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri, lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň kadalary, meýletinçiligi ösdürmek, ýangyn howpsuzlygy, ýol hereket kadalaryny berjaý etmek, maşgala mukaddesligi ýaly maglumat beriji gollanmalar çagalara paýlanyldy. Hünärmenleriň parahat ýurdumyzda çagalaryň ruhy we beden taýdan sagdyn kemala gelmekleri, döwrebap ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, sagdyn-durmuş ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermekleri üçin döredilýän mümkinçilikler barada eden wagyz-ündew çykyşlary bolsa çagalar üçin juda täsirli boldy.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
