18.04.23: YNSANPERWERLIKDEN UGUR ALMAK
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň hünärmenleri harby bölüminiň esgerlerine we ofiserlerine ynsanperwerlik ýol-ýörelgelerini barada wagyz-nesihat seminaryny geçirdiler. Duşuşugyň…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň hünärmenleri harby bölüminiň esgerlerine we ofiserlerine ynsanperwerlik ýol-ýörelgelerini barada wagyz-nesihat seminaryny geçirdiler. Duşuşugyň esasy mowzugy Halkara ynsanperwerlik hukugydy.
Okuw-maslahadyna gatlaşanlar Gyzyl Ýarymaý we Gyzyl Haç Hereketiniň nyşanlary bilen tanyşdyryp, täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri bu geçirilen okuw-maslahady ynsanperwerlik taslamasyndan ugur alýandyklaryny aýdyp berdiler.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
