11.04.23: Sagdyn ýaşlar, sagdyn nesil
Türkmenistanda dowam edýän saglyk aýy mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň Mary şäher Ýaşlar guramasy, welaýatyň Nebit-Gaz tehnikumynda “Sagdyn ýaşlar, sagdyn nesil” atly…
Türkmenistanda dowam edýän saglyk aýy mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň Mary şäher Ýaşlar guramasy, welaýatyň Nebit-Gaz tehnikumynda “Sagdyn ýaşlar, sagdyn nesil” atly aydym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Geçirilen çärede Ýaşlar guramanyň ýaşlary,TGÝMJ-niň Mary welaýat merkeziniň lukmany öz çykyşynda AIW we AIDS-e garşy göreşmek barada gürrüňdeşlik geçirdiler.
Çäräniň maksatnamasynda sagdyn durmuş ýörelgesi we meýletinçilik hereketi barada aýdylyp geçildi. TGÝMJ-niň MWB tarapyndan kitapçalar paýlanyldy. Çäräniň ahyrynda Nebit-Gaz tehnikumyň çeper höwesjeňleri özleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen çäräni şowhunly jemlediler.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
