Ýürekleri Şatlandyran Baýramçylyk:Türmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Meýletinçileri Ýaşululary Gutlady
1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde uly sylaşykdan, mähirden doly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýaşuly nesliň wekillerine wepaly gulluk etmekde, olara durmuş hem-de ruhy…
1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde uly sylaşykdan, mähirden doly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýaşuly nesliň wekillerine wepaly gulluk etmekde, olara durmuş hem-de ruhy goldaw bermekde uly işleri amala aşyrýan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri bu gezek hem asylly däplerine wepaly galdylar. Baýramçylyk mynasybetli, jemgyýetiň agzybir meýletinçileri Garrylar öýünde bolup, bu ýerde ýaşaýan atalarymyz hem-de enelerimiz üçin unudylmaz pursatlara baý bolan dabaraly çäre guraldy.
Çäräniň çäklerinde meýletinçi ýaşlar tarapyndan ýörite taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar we gyzykly sahnalar görkezildi. Ýaşlaryň ýerine ýetiren ruhubelent aýdymlary, milli tanslary we durmuşy sahnalary Garrylar öýüniň aýratyn şatlyk hem-de baýramçylyk şowhunyny getirdi. Sahna çykyşlarynyň dowamynda ýaşulularyň durmuş mekdebi, olaryň pähim-paýhasy we jemgyýetimizdäki sarsmaz orny çeper dille wasp edildi. Ýerine ýetirilen her bir çykyş ýaşaýjylary tarapyndan gyzgyn el çalyşmalar bilen garşylandy.
Meýletinçileriň taýýarlan bu ajaýyp baýramçylyk sowgady mähriban ýaşulularymyzyň göwünlerini galkyndyrdy we olary çäksiz şatlandyrdy. Ýürekleri şatlykdan dolan atalarymyz we enelerimiz ýaşlaryň çykyşlaryna goşulyp, özleriniň hem entek göwünleriniň ýaşdygyny, durmuşa bolan söýgüsiniň belentdigini görkezdiler. Öýerilen mähir we üns her bir ýaşulynyň çuňňur minnetdarlygyny gazandy.
Çäräniň ahyrynda Garrylar öýüniň ýaşaýjylary özlerine goýlan beýlek sarpanyň, soraşylýan mähriniň üçin meýletinçi ýaşlara çuňňur minnetdarlyk bildirip, köp sagbolsun aýtdylar. Ýaşulularymyz we enelerimiz halkymyzyň asylly däplerine eýerip, ýaşlaryň geljeginiň bereketi, ýurdumyzyň asuda asmany we döwletimiziň parahatçylygy üçin tüýs ýürekden ak patalaryny berdiler.
Örän gyzykly, täsirli we ruhubelentlikde geçen bu çäre, asyrlar boýy dowam edip gelýän milli nesilara sylaşygymyzyň, uly nesle goýulýan sarpanyň we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň aýdyň dabaralanmasyna öwrüldi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
