Ynsanperwerligi ýörelge edinip taplanýarys
Guramamyzyň öňünde duran wezipelerini durmuşa geçirmekde biz meýletinçiler Watan mukaddesliklerini, sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen baglanşykly işleri halkyň arasynda yzygiderli alyp barýarys. Amaly-okuw…

Guramamyzyň öňünde duran wezipelerini durmuşa geçirmekde biz meýletinçiler Watan mukaddesliklerini, sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen baglanşykly işleri halkyň arasynda yzygiderli alyp barýarys. Amaly-okuw maslahatlary, wagyz-nesihat çäreleri orta mekdeplerde öz deň-duşlarymyzyň arasynda has-da köp geçirýäris. Ýerlerde işiň netijesiniň gowy bolmagy üçin meýletinçileriň özleriniň hem Milli jemgyýetiň köp taraply iş ugurlary boýunça habarlylygynyň artyp, kämilleşmegi zerur bolup durýar. Ynha şu gün 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminde BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky milli wekili Ahmet B. tarapyndan “Ýer titremäniň we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi ýokary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek we olara jogap bermek boýunça ýerli we milli mümkinçilikleri” atly taslamasynyň çäginde meýletinçi ýaşlarymyzyň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, adatdan daşary ýagdaýlara çagalaryň zerurlyklaryny, gender meselelerini we durmuş ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak arkaly taýýarlyk, betbagtçylyga uçrana lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň dogry endikleri barada usuly okuw sapagy geçirildi. 20 sany meýletinçi bolup gatnaşan okuw çäresinde usuly tejribeler alyşyldy, prezentasiýa arkaly täsirli çykyşlar diňlenildi we degişli wideoroliklere tomaşa edildi. Şeýle-de okuw sapagyna gatnaşan biz meýletinçilere geçirilen çärede wagyz edilen, öwrenilen möhüm meseleleri welaýatyň çäginde ýerlerde durmuşa geçirmek ündeldi. Ýaşlarmyzyň, deň-duşlarmyzyň hem-de türkmen halkymyzyň abadan ýurdumyzda asuda ýaşamagy ugrunda biz meýletinçiler elimizden gelenini gaýgyrmarys. BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky milli wekillerine hem meýletinçiler bilen duşuşyp, şeýle täsirli okuw sapaklary üçin çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

