,,Ýaşlary meýletinçilige çekmek”
TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölümi “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ösüp gelýän ýaş nesilleriň atalyk aladasyny edýän Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman…

TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölümi “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ösüp gelýän ýaş nesilleriň atalyk aladasyny edýän Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirýär. TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölümine täze meýletinçileri çekmek üçin, Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde ýaşlaryň gatnaşmagynda ,,TGÝMJ-niň taryhy döreýşi we alyp barýan ynsanperwer işleri” barada we Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara okamana, döretmäne, Watanmyzyň hemme taraplaýyn gülläp ösmegine goşant goşup bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredip berýändigi barada ýaşlar bilen sorag-jogap arkaly giňişleýin gyzykly gürrüňdeşlik wagyz-nesihat okuw sapagy geçirildi. TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölüminiň ,,Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasyna esaslanyp, esasan hem ýaşlar üçin geçirýän wagyz-nesihat okuw sapaklary, ösüp gelýän ýaş nesliň Watanmyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýmak, jemgyýetimiziň öňe gitmekligini, her bir işde ynsanperwer adamlar bolup ýetişmekleri üçin öz ähmiýetini görkezýär. Biz üçin şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň alkyş sözleri tükeniksizdir.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
