“Ýangyndan äge bol!” atly okuw çäresi
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň “Ýangyn howpsuzlygy, howpy peseltmek we täsir etmek” taslamasynyň Daşoguz welaýat bölümi boýunça işgärleri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde hem ilatyň, aýratynda…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň “Ýangyn howpsuzlygy, howpy peseltmek we täsir etmek” taslamasynyň Daşoguz welaýat bölümi boýunça işgärleri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde hem ilatyň, aýratynda çagalaryň arasynda öňüni alyş wagyz işlerini yzygiderli geçirýärler. 2017- nji ýylyň awgust aýynyň 04-ne Daşoguz welaýatynyň “Bagtyýar nesil” sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirlen “Ýangyndan äge bol!” atly okuwlar muňa aýdyň mysaldyr. Çäräniň dowamynda çagalar ýangyn howpsuzlygy, adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň usullary boýunça degişli bilimleri aldylar. Okuwlar gyzykly sorag –jogaplaryň üsti bilen geçirildi. Okuw sapagynyň jeminde has işjeňligi görkezen çagalar hormat hatlary we gymmat baha sowgatlar bilen sylaglandy.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
