“Ýangyn howpsuzlygy, howpy peseltmek we täsir etmek”
“Ýangyn howpsuzlygy, howpy peseltmek we täsir etmek” taslamasynyň çäginde 2017- nji ýylyň maý aýynyň 3-ne Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Niýazow adyndaky etrabynyň 60-njy orta mekdebinde Ýangyn howpsuzlygy boýunça okuw…
“Ýangyn howpsuzlygy, howpy peseltmek we täsir etmek” taslamasynyň çäginde 2017- nji ýylyň maý aýynyň 3-ne Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Niýazow adyndaky etrabynyň 60-njy orta mekdebinde Ýangyn howpsuzlygy boýunça okuw sapagy we wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Bu okuw sapagynda yaş mekdep okuwçylaryna ýangyn söndüriji enjamlary nahili ulanmalydygy we ýangyn dörän ýagdaýynda özüňi alyp barmak düzgünleri öwredildi. Şeýle hem, ýaş mekdep okuwçylarynyň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen olara öýlerde, okuw jaýlarynda we tebigatda elektrik enjamlar, ýangyn döredip biljek beýleki enjamlar bilen seresaply ulanmaklary wagyz edýän ýatlatmalar, plakatlar we bukletler paýlandy.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
