Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekiliýeti Afinada geçiriljek XXII ERNA Baş mejlisine gatnaşar
2025-nji ýylyň 3–5-nji noýabry aralygynda Gresiýanyň Afina şäherinde Ýewropa Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ýokanç keseller - SPID/HIV, gepatitler, inçekesel (TB) we neşekeşlik meseleleri boýunça torunyň…

2025-nji ýylyň 3–5-nji noýabry aralygynda Gresiýanyň Afina şäherinde Ýewropa Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ýokanç keseller - SPID/HIV, gepatitler, inçekesel (TB) we neşekeşlik meseleleri boýunça torunyň (ERNA) XXII Baş mejlisi geçiriler. Çäre Gresiýanyň Gyzyl Haç jemgyýeti tarapyndan, Gresiýanyň Saglyk ministrligi we Afina şäher häkimiýeti bilen hyzmatdaşlykda gurnalar.
Mejlisiň şygary - “Jemgyýetçilik saglygy goraýyş çärelerini berkitmek: SPID/HIV, gepatit, inçekesel we neşekeşlige garşy bilelikde göreşmek”- bolup, oňa Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň, halkara guramalaryň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Duşuşykda ERNA-nyň 2026 - 2035-nji ýyllar üçin täze strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy, üstünlikli tejribeleriň alyşylmagy we jemgyýetçilik saglygyny hem-de goragsyz toparlary goldaýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekiliýeti hem bu çärede çykyş edip, SPID/HIV, inçekesel we beýleki jemgyýetçilik ähmiýetli keselleriň öňüni alyş we bejeriş ugurlary boýunça tejribe alyşmaga gatnaşar.
#ERNA2025 #RedCross #CommunityHealth #HumanitarianAction #HealthForAl




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
