Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň “Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasynyň çäginde 3 günlük okuw maslahaty gurnaldy.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň “Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasynyň çäginde 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 11-den 13-i aralygynda Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş merkezinde…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň “Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasynyň çäginde 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 11-den 13-i aralygynda Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş merkezinde jemgyýetiň ähli welaýatlaryň ýaşlar merkezleriniň meýletinçileri üçin 3 günlük okuw maslahaty gurnaldy. Ýaşlar merkezleriniň meýletinçileriniň bilimlerini artdyrmak maksady bilen, okuw maslahatynyň birinji güni “Durmuş endikleri” hem-de “Adatdan daşary ýagdaýlarda we tebiby betbagtçylyklarda dolandyrmak” mowzuklary boýunça okuw maslahaty geçirildi. Meýletinçilere adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagçtlyklar ýüze çykan ýagdaýynda nähili hereket edilmelidigi barada gürrüňler berildi. Şeýlede toparlarda çadyr gurmaklyk boýunça özara bäsleşdiler. Okuw maslahatynyň ikinji gününde Milli jemgyýetiň ussat tälimçileri tarapyndan meýletinçilere “Lukmadan deslapky ilkinji kömek bermek” mowzugy boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda meýletinçilere ilkinji kömek barada düşünje, dogry kömek bermekligiň ilkinji ädimleri barada düşündirdiler. Soňra günüň ikinji ýarymynda meýletinçiler nazaryýetde alan bilimlerini, tejribede ýagny heläkçilik ýüze çykan ýagdaýynda şikes alan adama doly we dogry ilkinji kömek bermeklik boýunça görkezme çykyşlary bilen özleriniň ukyp, başarjaňlyklaryny görkezdiler. Meýletinçiler bilen duşuşygyň soňky güni jemgyýetiň ýaşlar merkezleriniň meýletinçileriniň arasynda sport ýaryşy geçirilip, ökde meýletinçiler öňe saýlandy. Bu geçirilen duşuşyk jemgyýetiň ähli meýletinçilerini has-da birek-birege bolan hormaty, agzybirligi, hoşamaýlygy, milli mirasa sarpa goýmaklyk ýaly däplerini, jebisliligi we ynsanperwerlik ýaly duýgulary döretdi.




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

