Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Anri Dýunanyň ömri barada sahnalaşdyrylan çykyşyny hödürlediler
18-nji martda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri dünýäde Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň nähili dörändigini beýan edýän…

18-nji martda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri dünýäde Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň nähili dörändigini beýan edýän sahnalaşdyrylan kompozisiýany hödürlediler. Bu çykyşa Halkara hukugy fakultetiniň takmynan 100 talyby tomaşa etdi. Çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň “Ynsanpwerlik ugurda Milli jemgyýetiň kömekçi ornuny goldamak” atly taslamasynyň çäginde geçirildi. hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlandy. Sahnanyň wakalary 1859-njy ýylda Solferino söweşinde bolup geçýär. Şol döwürde söweş meýdanynda fransuz, sardiniýa we awstriýa goşunlary garşylykly söweş edýärdi. Sahnanyň baş gahrymany — şweýsariýaly raýat, telekeçi Anri Dýunanyň özi bolsa söweş meýdanyna tötänden düşýär. Ol ganly söweşiň şaýady bolup, biperwaý geçip bilmeýär. Anri Dýunan üç goşunyňam ýaralananlaryna kömek bermäge gatnaşýar. Ol oba ilatyny birleşdirip, olary “özümiz” we “başgalar” diýip bölmezden, ähli mätäçlere kömek bermäge çagyrýar. Hut onuň bu ýokary ynsanperwer hereketi bitaraplygy saklap, ähli mätäçlere kömek edip biljek ynsanperwer hereketiň döremegine itergi berdi. Çykyşyň başynda söz başy hökmünde aýdylan Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine bagyşlanan goşgulary tutuş sahnalaşdyryşa aýratyn ruh berdi:
“Haçan we nirede diýip sorama —
Elmydama, ähli ýerde ýagşylyk et!”
Sahnada meýletinçiler Dýunanyň egindeşleriniň, onuň tarapyndan döredilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň agzalarynyň keşbinde çykyş edip, dünýäde adamlaryň ejirlerini ýeňilleşdirmäge gönükdirilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň ýedi esasy ýörelgesini beýan etdiler: ynsanperwerlik, tarap çalmazlyk, bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, ýeke-täklik, köptaraplylyk.
Sahnalaşdyrylan kompozisiýa “Rehimdarlyk we ýagşylyk” atly aýdym bilen tamamlandy we ol ähli gatnaşyjylary ruhlandyrdy.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri tarapyndan ýazylan bu sazly-şygyrly sahna gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy hem-de mugallymlar bilen talyplaryň arasynda uly täsir galdyrdy.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

