"Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek" atly taslamanyň çäginde duşuşyk.
2025-nji ýylyň 18-21-nji noýabry aralygynda Şweýsariýanyň Gyzyl Hajynyň wekili N.Derbishaliyew, Gyrgyzystanyň Gyzyl Ýarymaýynyň N.Duisheeva, we Gazagystanyň Gyzyl Ýarymaýynyň wekili A.Kalmagalbetowa Türkmenistanyň Gyzyl…

2025-nji ýylyň 18-21-nji noýabry aralygynda Şweýsariýanyň Gyzyl Hajynyň wekili N.Derbishaliyew, Gyrgyzystanyň Gyzyl Ýarymaýynyň N.Duisheeva, we Gazagystanyň Gyzyl Ýarymaýynyň wekili A.Kalmagalbetowa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetinde (TGÝMJ) "Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek" atly taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik we baha bermek maksady bilen saparda boldular.
Saparyň dowamynda iki sany: Aşgabat şäherindäki "Jeýhun" meýletinçiler merkeziniň we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki "Alada" meýletinçiler merkeziniň meýletinçileri bilen duşuşdylar. Meýletinçiler myhmanlara TGÝMJ-niň çäklerindäki alyp barýan işleri barada jikme-jik gürrüň berdiler, şol sanda ýaşuly raýatlar we maýyplygy bolan adamlar üçin sosial işler, serişde toplamak (fundreýzing), bilim beriji çäreler, milli we halkara çärelere gatnaşyk, ekologiýa kampaniýalary we ş.m. barada prezentasiýalary we wideorolikleri görkezdiler.
Saparyň ahyrynda taslamanyň netijeleri jemlendi. Gatnaşyjylar Türkmenistanda meýletinçiligiň ösdürilmeginde gazanylan öňegidişligi, meýletinçilerimiziň işjeň üstünlikli gatnaşandygyny, olaryň döredijiligini we başlangyjyny belläp geçdiler. Şeýle hem, TGÝMJ-niň çäklerinde meýletinçilik işini geljekde has-da ilerletmek boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

