Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmek
21-25-nji awgustynda ýolbaşçy zenanlaryň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça…

21-25-nji awgustynda ýolbaşçy zenanlaryň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň hoşniýetlilik, dostluk we hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy hanym Şen Ýueýue bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar köp sanly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselesi boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň gazanan möhüm şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, şeýle hem türkmen-hytaý dostlugyny berkitmäge aýratyn üns berildi.
Gepleşiklere gatnaşyjylar aýal-gyzlary we çagalary goramak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, ŞHG komitetiniň Türkmenistan bilen hökümete dahylsyz alyş-çalyş meselesinde hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky işine garaldy.
Ýolbaşçy zenanlaryň duşyşyklarynyň biri bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň Gyzyl Haç jemgyýetinde duşuşyk gurnaldy. Bu duşuşyk iki ýurdyň jemgyýetleriniň bähbidi üçin möhüm wakalaryň biri bolly. Hytaý Gyzyl Haç jemgyýeti we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiň arasynda iki taraplaýyn Ylalaşyk taýýarlandy. Jemgyýetler özara Ylalaşyk esasynda Meýletinçiligi ösdürmek ugry, Ilkinji kömek bermek ugry, Adatdan Daşary ýagdaýlar taýýarlyk ugurlary boýunça soňky döwrebap ösüş ugurlary boýunça işleşmäge taýýardyklaryny aýdyşdyllar.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

