Türkmenbaşyda Gyzyl Ýarymaýyň meýletinçileri üçin media sowatlylyk boýunça okuw geçirildi
Sentýabr aýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Türkmenbaşy şäher we etrap bölümlerinden 25 meýletinçiniň gatnaşmagynda «Mediýa we maglumat sowatlylygynyň esaslary» atly okuw sapagy geçirildi.

Sentýabr aýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Türkmenbaşy şäher we etrap bölümlerinden 25 meýletinçiniň gatnaşmagynda «Mediýa we maglumat sowatlylygynyň esaslary» atly okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw «Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek» atly taslamanyň çäginde guralyp, ony tejribeli žurnalist hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň meýletinçisi M. Hydyrowa alyp bardy.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar toparlaýyn işleri we gyzykly maslahatlary ýerine ýetirip, maglumat we mediýa sowatlylygynyň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdylar. Global sanly maglumat döwründe maglumatlary dogry seljermäge, tankydy pikirlenmäge, dürli çeşmelerden alnan maglumatlaryň esasynda öz garaýşyny döretmäge başarnykly bolmak her bir adam üçin, aýratyn-da ýaşlar üçin möhüm ugur hökmünde nygtaldy.
Okuwyň dowamynda taslamanyň utgaşdyryjysy D. Gawrilowa meýletinçiler bilen duşuşyk geçirip, olaryň iş tejribesi, meýilnamalary we täze taslamalar baradaky pikirleri bilen gyzyklandy. Türkmenbaşy şäheriniň we Türkmenbaşy etrabynyň meýletinçileri, şeýle hem «Ýelken» meýletinçilik merkeziniň ýaşlary öz işjeňlikleri, geljekdäki meýilnamalary barada gürrüň berdiler. Duşuşykda jemgyýetçilik, ekologiýa taýdan ähmiýetli taslamalary taýýarlamagyň möhümdigi barada hem pikir alyşyldy.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

