Esasy mazmuna geç

TURKIC RED NETWORK-IŇ ÇÄGINDE MILLI GYZYL ÝARYMAÝ WE GYZYL HAÇ JEMGYÝETLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY ANKARA ŞÄHERINDE GEÇIRILDI

TURKIC RED NETWORK-IŇ ÇÄGINDE MILLI GYZYL ÝARYMAÝ WE GYZYL HAÇ JEMGYÝETLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY ANKARA ŞÄHERINDE GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 29–30-njy oktýabrynda Ankara şäherinde (Türkiýe Respublikasy) sebit ynsanperwer platformasy bolan Turkic Red Network-iň (TRN) çäginde Milli Gyzyl Ýarymaý we Gyzyl Haç jemgyýetleriniň ýolbaşçylary Geňeşiniň duşuşygy geçirildi.

Çäre Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň guramaçylyk goldawy bilen geçirildi we Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini, şeýle hem Toruň işine synçy derejesinde gatnaşýan Türkmenistanyň we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Duşuşygyň esasy maksady 2026-njy ýylda Turkic Red Network-iň çäginde alnyp barlan ynsanperwer işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmakdan, milli jemgyýetleriň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, şeýle hem öňümizdäki döwür üçin bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.

Mejlisleriň dowamynda gatnaşyjylar Toruň çäginde durmuşa geçirilen ynsanperwer başlangyçlara garadylar, milli jemgyýetleriň tejribesi we öňdebaryjy iş usullary bilen paýlaşdylar, bilelikdäki taslamalary mundan beýläk ösdürmegiň we sebitde ynsanperwer kömegiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Turkic Red Network 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Bişkek şäherinde Türk döwletleri guramasyna agza döwletleriň Milli Gyzyl Ýarymaý we Gyzyl Haç jemgyýetleriniň başlangyjy bilen döredildi. Toruň döredilmegi milli jemgyýetleriň arasynda raýdaşlygy, utgaşdyrmagy we özara goldawy pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim boldy.

TRN-iň işi Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara hereketiniň Esasy ýörelgelerine hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Toruň işiniň esasy ugurlaryna şular degişlidir:

  • adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini ýok etmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek;
  • ynsanperwer işleriň çäginde tejribe, bilim we öňdebaryjy iş usullary bilen alyşmak;
  • milli jemgyýetleriň institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmak;
  • bilelikdäki ynsanperwer operasiýalary we başlangyçlary ösdürmek;
  • ynsanperwer syýasaty öňe sürmek we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak;
  • ýaşlar hereketini we meýletinçiligi ösdürmek.

Toruň çäginde ýaşlary ynsanperwer işe çekmäge aýratyn üns berilýär. Hususan-da, öňki ýyllarda liderlik häsiýetlerini we meýletinçilik mümkinçiliklerini ösdürmäge, şeýle hem milli jemgyýetleriň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki ýaşlar lagerleri we tejribe alyşmak. 

Ankara şäherinde geçirilen duşuşygyň esasy netijeleriniň biri sebitde ynsanperwer kömek bermek mümkinçiliklerini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen Turkic Red Network-iň 2027-nji ýyl üçin Hereketler meýilnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi boldy.

Öňümizdäki döwür üçin ileri tutulýan ugurlar hökmünde adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmagyň mehanizmlerini kämilleşdirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, ynsanperwer syýasaty ösdürmek, şeýle hem ýaşlara gönükdirilen we milli jemgyýetleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga ýardam edýän başlangyçlary durmuşa geçirmek kesgitlenildi.

Duşuşygyň möhüm wakalarynyň biri gatnaşyjylaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara goldawa we sebit raýdaşlygyny pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýan Ankara jarnamasynyň gol çekilip kabul edilmegi boldy.

Duşuşygyň çäginde Turkic Red Network-de başlyklygy Azerbaýjanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetinden Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetine geçirmek dabarasy hem geçirildi. Täze döwür üçin başlyklygy Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň prezidenti professor doktor Fatma Meriç Ýylmaz kabul etdi.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Turkic Red Network-iň işine synçy hökmünde gatnaşmagy hünär gatnaşyklaryny giňeltmek, ynsanperwer tejribe alyşmak we sebitdäki milli jemgyýetler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Şunuň ýaly duşuşyklar hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ynsanperwer meseleleri çözmäge gönükdirilen bilelikdäki çemeleşmeleri ösdürmäge we milli jemgyýetleriň häzirki zaman ynsanperwer kynçylyklara jogap bermäge taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Ynsanperwerlik, raýdaşlyk we özara goldaw ruhunda tagallalary birleşdirip, Milli Gyzyl Ýarymaý we Gyzyl Haç jemgyýetleri sebit ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ilatyň iň ejiz toparlaryna kömek bermäge goşant goşmagyny dowam etdirýärler.

Beýleki habarlar