“Topar ýygnagy geçirildi”
Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara…
Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gün tertibine laýyklykda, toparyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen 2024- nji ýylda öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparynyň agzasy TGÝMJ-niň başlygy hem oňa gatnaşdy. Şeýle hem mejlisiň çäklerinde bu düzümiň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna hem-de “Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugyny (HYH) ornaşdyrmak babatda 2024–2026-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň” taslamasyna garaldy. Milli kanunçylygy halkara hukugyň kadalary bilen utgaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak Pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe geçirilen çäreleriň ýurduň adam hukuklary we azatlyklary babatda kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendigi bellenildi. Mejlisde ilatyň hukuk bilimliligini ýokarlandyrmak, hukuk maglumatlaryna elýeterliligi giňeltmek meselelerine uly üns berlendigi nygtaldy.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
